“Altyn Ýunus” süýji-köke önümlerini eksporta çykarýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Altyn Ýunus” süýji-köke önümlerini eksporta çykarýar
Kärhanada çeýnelýän sakgyçlaryň dürli görnüşi, dürli maňyz we çigit önümleri hem-de sakgyçly taýajykdaky karamel süýjileriniň dürli görnüşi öndürilýär.

“Altyn Ýunus” hususy kärhanasy şu ýyl “Ýunus” we “Melek” haryt nyşanly süýji-köke önümleriniň 46 tonnadan gowragyny eksport etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda anna güni habar berildi.

Kärhananyň maglumatlaryna görä, onuň eksport önümleriniň sanawynda harytlaryň dokuz görnüşi, satyn alyjy hyzmatdaşlaryň hatarynda bolsa Owganystan, Gyrgyzystan, Gazagystan we Yrak ýaly döwletler bar. Umuman, harytlaryň 245 müň 616 gaby ugradyldy.

Türkiýäniň we Ýewropanyň ýokary hilli enjamlary bilen enjamlaşdyrylan önümçilik kärhanasynda çeýnelýän sakgyçlaryň dürli görnüşi, dürli maňyz we çigit önümleri hem-de sakgyçly taýajykdaky karamel süýjileriniň dürli görnüşi öndürilýär.

Mundan başga-da, “Altyn Ýunus” birnäçe daşary ýurtly öndürijileriň distrubýutory bolup durýar. Bu ugurda ýörite taýýarlanan topar işleýär, daşary ýurtlardan getirilýän önümler bilen ýurdumyzyň ähli künjegindäki söwda nokatlaryny üpjün edýär.

“Altyn Ýunus” kärhanasy eýýäm 10 ýyldan bäri türkmen bazarynda iş alyp barýar, onuň söwda nyşanlary bolsa ilat arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar.