Türkmenistan we Owganystan ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Owganystan ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirýär
Gepleşikleriň dowamynda köpugurly ulag hem-de energetika taslamalarynyň, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň üstünlikli ilerledilýändigi bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Mohammad Hanif Atmaryň arasynda ýekşenbe güni onlaýn gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy bilen bir hatarda köpugurly ulag hem-de energetika taslamalarynyň üstünlikli ilerledilýändigi bellenilip geçildi. Taraplar bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň diňe bir bu iri göwrümli taslamalara gatnaşyjy-ýurtlaryň däl-de, eýsem tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine agramly goşant goşýandygyny nygtadylar.

Kärdeşler sebitleýin we halkara gün tertibiniň käbir meseleleri barada pikir alyşdylar hem-de ählumumy wehimler bilen göreşmekde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň zerurlygyny bellediler.

Türkmen wekiliýeti TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçiriji ulgamynyň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, demir ýollaryň gurluşygyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek dabarasyna gatnaşdy. Gol çekmek dabarasy 30-njy sentýabrda Owganystanyň paýtagty – Kabulda geçirildi.