Türkmenistana immunizasiýa üçin serişdeler getirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistana immunizasiýa üçin serişdeler getirildi
“Волга-Днепр” awiakompaniýasy Germaniýanyň Leýpsig şäherinden Türkmenistana awgust-sentýabr aýlarynda iki sany ýörite gatnawy amala aşyrdy.

BMG-niň waksinasiýa etmek maksatnamasynyň çäklerinde “Волга-Днепр” rus awiakompaniýasy Daniýanyň “Scan Global Logistics” kompaniýasy bilen bilelikde 180 kub metr waksina Türkmenistana getirdi. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ilatyň meýilnamalaýyn immunizasiýasyny goldamak maksady bilen, Türkmenistana difteriýa, gepatitewe inçe kesele garşy waksinalar, şeýle hem beýleki lukmançylyk serişdeleri getirildi.

“Волга-Днепр” awiakompaniýasy Germaniýanyň Leýpsig şäherinden Türkmenistana awgust-sentýabr aýlarynda iki sany ýörite gatnawy amala aşyrdy.

Ýük Ýewropanyň dürli künjeklerinden Leýpsig şäheriniň howa menziline getirilip, “Волга-Днепр” hem-de “Scan Global Logistics” kompaniýalary tarapyndan Türkmenistana ugradyldy.

2020-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF-iň) arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň” çäklerinde 2021-2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasyna gol çekildi.

2022