Aşgabat bilen Er-Riýad söwda ugurlaryny köpeltmegi maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat bilen Er-Riýad söwda ugurlaryny köpeltmegi maslahatlaşdy
Er-Riýad, Saud Arabystany Patyşalygy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady işler boýunça orunbasary Adel Siraj Salehyň arasynda sişenbe güni onlaýn gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň öňdebaryjy ugurlary boýunça netijeli gepleşikler geçirildi.

Dürli derejelerde geçirilýän yzygiderli gepleşikleriň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlar boýunça özarabähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine we çuňlaşdyrylmagyna itergi berýändigi nygtaldy. Bu ugurda gatnaşyklaryň giňeldilmegine iki ýurduň wekiliýetleriniň saparlarynyň guralmagyna taraplaryň özara taýýardyklary beýan edildi.

Diplomatlar Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň guraly bolup durýan, syýasy-diplomatik gatnaşyklary giňeltmekligiň mümkinçiliklerine seretdiler. Munuň çäklerinde syýasy geňeşmeleri geçirmegiň wajyp orny bellenildi.

Parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Taraplar türkmen-saud gatnaşyklarynyň ykdysadyýet we maýa goýum, ulag, söwda, gurluşyk, himiýa senagaty we oba hojalygy ulgamlary boýunça derwaýys meseleler hakynda gürrüň etdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny belläp, wise-ministrler bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.