MASYH maksatnamasyna gatnaşyjylar köptaraply hyzmatdaşlygyň ösdürilişini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
MASYH maksatnamasyna gatnaşyjylar köptaraply hyzmatdaşlygyň ösdürilişini maslahatlaşdylar
Aziýa ösüş bankynyň Filippinleriň Malina şäherinde ýerleşýän baş edarasy

Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri sişenbe güni Aziýanyň ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” (MASYH) maksatnamasynyň onlaýn mejlisine gatnaşdylar.

TDH-nyň habar berşi ýaly, mejlisiň gün tertibine 2030-njy ýyla çenli niýetlenilen bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilişiniň barşy, köptaraply hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek baradaky meseleler girizildi.

Saglygy goraýyş ulgamy we 2030-njy ýyla çenli syýahatçylygy ösdürmek boýunça taslama çenli bolan barlaglar ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. 2030-njy ýyla çenli Gender strategiýasynyň taslamasy hem mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna çykaryldy.

Bellenilişi ýaly, MASYH maksatnamasynyň çäklerinde ileri tutulýan ulgamlarda strategiýalaryň amala aşyrylmagy netijeli gatnaşyklary, ähmiýetli taslamalar üçin iri maýa goýumlary çekmegi höweslendirmäge, Aziýa ýurtlarynyň innowasion taýdan ösüşiniň hil taýdan täze derejesine çykmak üçin sebitleýin gatnaşyklary ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Işleri Aziýada ykdysadyýetiň ösüşini goldamaga gönükdirilen Aziýanyň ösüş banky meýdança hökmünde MASYH-ny peýdalanyp, Türkmenistanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge örän işjeň gatnaşýar.

Türkmenistan 2000-nji ýyldan bäri AÖB-niň agzasydyr, ýurdumyz MASYH-da başlyklyk etmegi ilknji gezek 2018-nji ýylda öz üstüne aldy.

2022