Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygy (MASYH) Maksatnamasynyň agza ýurtlarynyň onlaýn görnüşinde geçirilen 19-njy ministrler maslahatyna gatnaşdy. Bu barada TDH duşenbe güni habar berdi.
Türkmen wekiliýetine MASYH-yň Milli utgaşdyryjysy hökmünde hereket edýän Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Merkezi bankynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
Onlaýn görnüşinde geçirilen forumyň barşynda şu ýyl MASYH-da başlyklyk edýän ýurduň – Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýörite haty, Aziýa ösüş bankynyň prezidentiniň çykyşy hem-de Bütindünýä bankynyň beýannamasy diňlenildi.
Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, ykdysady durnuklylygy we ösüşi, ilatyň iş bilen üpjünçiligini hem-de iş orunlarynyň döredilmegini dikeltmek, pandemiýadan soňky döwürde MASYH-yň agza ýurtlarynyň makroykdysady mümkinçilikleri ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wideomaslahata gatnaşyjylaryň garamagyna we tassyklamagyna esasy hasabat resminamalary hökmünde MASYH-yň syýahatçylyk, gender meseleleri babatyndaky baş ugry hem-de bu maksatnamanyň 2030-njy ýyla çenli niýetlenen netijeleriniň matrisasy hödürlenildi.
19-njy ministrler maslahatynyň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi. Onda MASYH Maksatnamasynyň baş ugruny durmuşa geçirmekde öňegidişlikleriň gazanylandygy bellenildi, taraplaryň ýüze çykýan täze meseleleri çözmek hem-de bar bolan ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmek maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygyna ygrarlylygy tassyklanyldy.