Türkmenistanda iş kesilen raýatlaryň 2078-i hem-de daşary ýurtly raýatlaryň 4-si ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli jeza çekmekden boşadyldy.
TDH-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni “Ruhyýet” köşgünde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin baýramçylyk mejlisiniň dowamynda degişli Permanlara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Çarymyrat Amanowa hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmagy üçin ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem Milli Liderimiz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.