Halajyň çeper halyçylyk kärhanasy önümçiligini ýokarlandyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Halajyň çeper halyçylyk kärhanasy önümçiligini ýokarlandyrdy
Kärhananyň ussat halyçylary 60 inedördül metr we ondan gowrak meýdanly halylaryň ençemesini dokadylar.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýerleşýän çeper halyçylyk kärhanasynda geçen ýylda haly we haly önümleriniň 9 müň 299 inedördül metri dokaldy. 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 106% ösüş gazanyldy.

“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni habar berşi ýaly, ýaňy-ýakynda kärhananyň çäginde ähli zerur infrastruktura desgalary bolan täze seh işe girizildi. Döwrebap seh “Türkmenhaly” önümçilik birleşiginiň buýrugy bilen “Altyn gum” hususy kärhanasy tarapyndan gurulyp ulanylmaga berildi.

Şeýle-de, geçen ýyl kärhana haly önümçiliginiň täze görnüşini özleşdirdi. Toplanan tejribeler häzirki wagtda “Türkmenhaly” önümçilik birleşiginde buýurmalary ýerine ýetirmekde giňden ulanylýar.

Mundan başga-da, kärhananyň ussat halyçylary 60 inedördül metr we ondan gowrak meýdanly halylaryň ençemesini dokadylar.

Häzirki wagtda kompaniýada 2300 hünärmen zähmet çekýär. Önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen häzirki wagtda “Güýç birleşik” obasynda zawodyň ýene bir bölüminiň gurluşygy alnyp barylýar we onuň işe girizilmegi goşmaça 100 sany täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berer.

2022