Türkmen kompaniýasy gipsokarton önümlerini eksport edip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy gipsokarton önümlerini eksport edip başlady
Kärhananyň täze önümçilik toplumynda gury gurluşyk garyndysynyň iki görnüşi - birinji gezekde çalynýan iri hem-de yzyndan ýylmamak üçin ownuk görnüşi öndürilýär.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän “Ak gaýa” hojalyk jemgyýeti ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdelerini we gipsokarton önümlerini eksport edip başlady. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Kärhananyň täze önümçilik toplumynda gury gurluşyk garyndysynyň iki görnüşi - birinji gezekde çalynýan iri hem-de yzyndan ýylmamak üçin ownuk görnüşi öndürilýär. Olar 30 kilogram haltalara gaplanylýar. Häzirki wagtda gury gurluşyk garyndysy sargytlar boýunça Russiýa Federasiýasyna eksport edilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, toplum ýylda gipsokartonyň 8 million inedördül metrini öndürmäge ukyplydyr. Onuň uzynlygy 2,5 metr, ini 1,25 metr, galyňlygy 9,5 we 12,5 millimetr ölçegdäki 3 görnüşi, ýagny jaýyň içinde ulanylýan ak, yzgara durnukly ýaşyl, şeýle-de oda durnukly gyzyl reňklileri öndürilýär.

Kompaniýa Türkiýäniň, Ispaniýanyň, Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan. Ähli önümçilik ulgamy awtomatlaşdyrylyp, operator tarapyndan dolandyrylýar.

Akdaş şäherçesinde ýerleşýän kompaniýanyň täze önümçilik toplumy 25 gektar meýdandan ybarat bolup, onuň çäginde dolandyryş binasy, barlag-goýberiş nokady, işçiler üçin ýatakhana, ammarlar we inžener infrastrukturasy bar. Häzirki wagtda işler iki çalşykda alnyp barylýar. Her günde gipsokartonyň ortaça 8 müň sanysy öndürilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022