Türkmenistan-Germaniýa: buýan köküniň keselleri bejermekdäki aýratynlyklary maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Germaniýa: buýan köküniň keselleri bejermekdäki aýratynlyklary maslahatlaşyldy
Gepleşigiň barşynda buýan köküniň hem-de onuň düzümindäki glisirrizin turşusynyň keselleri bejermekdäki aýratynlyklary dogrusynda pikirler alyşyldy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Essen uniwersitet klinikasynyň (Germaniýa) Infeksiologiýa Ylmy-barlag merkeziniň müdiri professor, doktor A.Krawçik bilen sişenbe güni onlaýn gepleşigini geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, gepleşige Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, “Türkmendermansenagat” Birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Gepleşigiň barşynda buýan köküniň hem-de onuň düzümindäki glisirrizin turşusynyň keselleri bejermekdäki aýratynlyklary dogrusynda pikirler alyşyldy.

Mälim bolşy ýaly, bu serişdäniň netijeliligi türkmen hem-de daşary ýurt alymlary tarapyndan golaýda geçirilen barlaglar arkaly tassyklanandyr.

Täze koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, tutuş dünýäde wirusa garşy göreşmäge ukyply bolan ýörite serişdeleriň ýüze çykarylmagyna hem-de işlenilip taýýarlanylmagyna gönükdirilen ylmy-barlag işleri has hem işjeňleşdirildi.

Şu nukdaýnazardan, alymlaryň degişli ylmy barlaglary buýandan edilen dermanlyk serişdeleriniň, şeýle hem onuň düzüminiň ähmiýetli bölegini düzýän glisirrizin turşusynyň bejeriş-öňüni alyş babatyndaky görnetin täsirini tassyklaýandyr, diýip Türkmenistanyň DIM-i belleýär.

Buýanyň köki gadymdan bäri halk arasynda ýokarky dem alyş ýollarynyň keselleriniň bejergisinde giňden ulanylypdyr we onuň oňyn täsirini nazarda tutmak bilen, türkmen alymlary buýan köküniň ýokanç keselleriniň bejergisindäki ähmiýetini öwran-öwran nygtaýan Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmelerine laýyklykda, bu ösümligiň özboluşly aýratynlyklaryny içgin öwrenmeklerini dowam edýärler.

2022