“Ýigit” hojalyk jemgyýeti 12,5 müň tonna pomidor hasylyny ýygnamakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýigit” hojalyk jemgyýeti 12,5 müň tonna pomidor hasylyny ýygnamakçy
Bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän “Mahmal” haryt nyşanly pomidorlar içerki we daşarky bazarlara ugradylýar.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhana toplumynda şu möwsümde 12,5 müň tonna pomidor hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär.

“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni habar berşi ýaly, bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän “Mahmal” haryt nyşanly ýokary hilli gök önümler içerki we daşarky bazarlara ugradylýar.

Toplum “Siemens” we “Grundfos” ýaly daşary ýurt kompaniýalarynyň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýyladyşhanada ösümlikleriň we nahallaryň kadaly ösmegi üçin zerur bolan çyglylyk, temperatura şertleri, emeli yşyklandyryş, howa çalşygy ulgamy ýaly ähli mümkinçilikler bardyr.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýyladyşhanada pomidoryň “Marmelans”, “Altes”, “Merlis” we beýleki görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhana toplumynyň aýratyn böleginde pomidoryň ýene 11 görnüşi barlagdan geçýär.

Ýyladyşhana toplumy 2019-njy ýylyň fewral aýynda işe girizildi. Häzirki wagtda ol ýerde 500 hünärmen zähmet çekýär.