Fransuz telekeçileri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Fransuz telekeçileri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekçi
Fransuz hususy pudagyna halkara derejesinde wekilçilik edýän “MEDEF International” 1989-njy ýylda döredilip, ol döwlete dahylsyz guramadyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) başlygy Döwran Hudaýberdiýew we Fransiýanyň “MEDEF International” telekeçiler assosiasiýasynyň direktory Filipp Gautier wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşigiň barşynda Türkmenistan bilen Fransiýanyň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

“ORIENT.tm” agentliginiň sişenbe güni habar berşine görä, taraplar ýakyn wagtda iki ýurduň telekeçileriniň gatnaşmagynda Aşgabatda ýa-da Parižde bilelikdäki işewürlik forumyny guramagy ylalaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, gepleşigiň jemlerinde Döwran Hudaýberdiýew we Filip Gautier TSTB bilen “MEDEF International” assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler. Gol çekilen resminama fransuz işewürler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge we iri daşary ýurtly, esasanam fransuz kompaniýalarynyň Türkmenistandaky ykdysady gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Fransuz hususy pudagyna halkara derejesinde wekilçilik edýän “MEDEF International” 1989-njy ýylda döredilip, ol döwlete dahylsyz guramadyr. MEDEF ähli ugurlara degişli 800 müň kompaniýany birleşdirýär.

2022