Türkmenistanda telekeçiniň hukuk kepillikleri nämelerden ybarat?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda telekeçiniň hukuk kepillikleri nämelerden ybarat?
Telekeçiniň öz işini amala aşyrmak üçin kärhanalaryň islendik görnüşlerini döretmäge haky bardyr.

Türkmenistanyň “Telekeçilik işi hakynda” Kanuny eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deňlik düzgünini durmuşa geçirmek, raýatlaryň öz emlägine özleriniň erkin erk edip, haýsy ugurdaky işde işlejekdigini özleriniň erkin saýlap alyp bilmekleri esasynda olaryň iş bitirijiligini hem-de ugur tapyjylygyny giňden ýüze çykarmak üçin şert döretmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň “Telekeçilik işi hakynda” Kanunyna laýyklykda, telekeçiniň aşakdakylara haky bardyr:

  • öz işini amala aşyrmak üçin kärhanalaryň islendik görnüşlerini döretmäge;
  • kärhanalaryň eýeçiligiň haýsy görnüşine degişlidigine garamazdan, şolaryň emlägini, gaýry emlägi, emläk we emläk däl hukuklary doly ýa-da kem-käsleýin edinmäge - satyn almaga;
  • öz emlägi bilen hojalyk ýöredýän beýleki subýektleriň işine gatnaşmaga;
  • taraplaryň ylalaşmagy bilen fiziki we ýuridik şahslaryň emlägini peýdalanmaga;
  • şertnama şertlerinde we kanunda bellenen beýleki şertlerde işgärleri hakyna tutmaga hem-de işden boşatmaga;
  • hakyna durup işleýän adamlaryň zähmetine hak tölemegiň görnüşlerini, ulgamlaryny we möçberini hem-de olaryň girdejileriniň beýleki görnüşlerini özbaşdak bellemäge;
  • hojalyk işiniň maksatnamasyny özbaşdak düzmäge, özüne önüm iberijileri we öz önümini (işlerini, hyzmatlaryny) alyjylary saýlap almaga, oňa (olara) Türkmenistanyň kanunlaryna hem-de baglaşylan şertnamalara laýyklykda nyrhlary we tarifleri bellemäge;
  • banklarda hasaplar açmaga, pul amallaryny we beýleki amallary amala aşyrmaga;
  • öz işinde möhüri, möhürçäni, resmi kagyzlary, nyşanyny, haryt nyşanyny peýdalanmaga;
  • öz elinde galan düşewünde (girdejä) erkin erk etmäge. Telekeçilik işi şertnama esasynda amala aşyrylanda gazanylan peýdany paýlamagyň tertibi şertnamada kesgitlenilýär;
  • girdejini islendik, çäklendirilmedik möçberlerde almaga;
  • döwlet ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyndan peýdalanmaga;
  • döwlet edaralarynyň hem-de beýleki edaralaryň özüniň hukuklaryny ýa-da kanuny bähbitlerini kemsidýän hereketleri barada bellenen tertipde şikaýat etmäge;
  • Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ykdysady gatnaşyklara gatnaşyjy bolup çykyş etmäge.

Çeşme: “Telekeçilik işi hakynda” Türkmenistanyň kanuny

2022