"Kerwenler” kompaniýasy 33,5 tonnadan gowrak ýüň ýüplügini öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän “Kerwenler” hususy kärhanasynyň ýüň egirme fabriginde häzirki wagta çenli 33,5 tonnadan gowrak ýüň ýüplügi öndürildi.

Kompaniýanyň meýilnamalar bölüminiň ykdysatçysy Mähriban Esenowanyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren habaryna görä, kompaniýanyň önümçilik sehi 2020-nji ýylyň aprel aýynda işe girizilip ol häzirki zaman tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Kärhana ýüň egirme we dokma fabriklerinden ybarat.

Mundan başga-da, kompaniýada sap ýüňden ýokary hilli çitimli türkmen halysyny öndürmek işleri ýola goýuldy. Fabrigiň ýüň ýüplügini öndürijilik kuwwaty aýda 15 tonna, ýylda 180 tonna barabardyr. Şeýle-de, ol ýerde işler üç çalşykda alnyp barylýar.

Ýüň egirme fabriginde ýokary hilli dürli belgili goýun ýüňünden ýüň ýüplükler we poliester garyndyly ýüň ýüplükler öndürilýär. Kärhananyň dokma fabriginde bolsa dürli ölçegdäki kilim we örtgi (pokrywal) önümleri, ýüňden we ýarym ýüňden  ýorganlary we beýleki dürli görnüşdäki ýokary hilli ýüň ýorganlary öndürilýär.

Fabrikde ýüň ýorganlarynyň aýda 7,5 müň, ýylda 90 müň sanysyny öndürmäge mümkinçilik bar. Häzirki wagta çenli ýüňden 3 müň 553 sany ýorgan öndürilip, müşderilere ýetirildi.

Bu fabrigiň kilim we örtgi (pokrywal) öndürmekde kuwwatlylygy aýda 13 müň metre, ýylda 156 müň metre barabardyr. Fabrikde häzire çenli 6 müň metre golaý kilim we örtgi ýaly dokma önümleri öndürildi.

Häzirki wagtda kärhananyň önümleri Aşgabat şäherindäki we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky söwda merkezlerine iberilýär. Kompaniýa geljekde önümleriniň görnüşlerini has-da artdyryp, daşary ýurtlara eksport etmegi meýilleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022