“Akar” haryt nyşanly joraplaryň 450 müň jübüdi eksport edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Akar” haryt nyşanly joraplaryň 450 müň jübüdi eksport edildi
“Akar tekstil” hojalyk jemgyýeti aýda 500 müň jübüt jorap önümlerini öndürmäge ukyply.

“Akar tekstil” hojalyk jemgyýeti şu ýylyň iki aýynda “Akar” haryt nyşanly dürli joraplaryň 450 müň jübüdini eksport etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar berşi ýaly,önümler esasan Gazagystana, Gyrgyz Respublikasyna, Russiýa we Ýewropa ýurtlaryna iberilýär. Geçen ýyl kompaniýa öz önüminiň takmynan bir million jübüdini eksport etdi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän bu kompaniýa arassa pagtadan we likra bilen garylan ýüplükden 15 görnüşli erkekler, aýallar we çagalar üçin joraplary öndürýär.

Kompaniýanyň önümçilik bölüminde kuwwatlylygy aýda 500 müň jübüt jorap önümlerini öndürmäge ukyply “Mateс Silver” we “Lonati” haryt nyşanly ýokary tehnologiýaly trikotaž enjamlary ornaşdyrylan. Kompaniýa şu ýyl önümçiligini iki esse artdyrmagy maksat edinýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022