Kazanda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak boýunça jemleýji gepleşikler geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kazanda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak boýunça jemleýji gepleşikler geçirildi
Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäheri

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň “Türkmendaşarysöwda” döwlet edarasynyň wekilleri bilen “Tatneft söwda-tehniki öýi” kärhanasynyň wekilleriniň çarşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly gepleşigi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar Kazanda (Russiýa) Türkmenistanyň Söwda öýüniň açylmagynyň jemleýji tapgyrynyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Söwda öýi esasan ýurdumyzyň kärhanalarynyň önümlerini Russiýanyň bazarlaryna çykarmaga, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ugrukdyrylar.

Maslahata Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Atadurdy Baýramow hem gatnaşdy.

Gepleşigiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp, ähli ugurlar boýunça mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda geçirilen mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ýurdumyzyň Russiýa bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy babatda netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaldygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Tatarystan özüniň serişde-senagat kuwwaty hem-de iki doganlyk halkyň arasyndaky taryhy gatnaşyklary bilen baglylykda möhüm orun eýeleýär.

2022