Türkmenistanda mätäç çagalar üçin haýyr-sahawat gaznasy döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda mätäç çagalar üçin haýyr-sahawat gaznasy döredildi
Haýyr-sahawat gaznasynyň milli we daşary ýurt pullarynda hasaplary açyldy.

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy ýuridiki şahs hökmünde döredilip, Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrundaky Türkmenistanyň Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynda ýerleşdirilmegi kesgitlenen bu Gaznanyň Tertipnamasy, gurluşy hem-de işgär sany tassyklanyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, bu barada degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Merkezi bankynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky” Karary esasynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň milli we daşary ýurt pullarynda hasaplary açyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasynyň on üçünji bölegine laýyklykda, Rejep Bazarow ady agzalan gaznanyň ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenildi.