Rus kompaniýasy Türkmenistana “ANSAT” we “Mi-17-1W" tiz kömek dikuçarlaryny gowşurdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Rus kompaniýasy Türkmenistana “ANSAT” we “Mi-17-1W" tiz kömek dikuçarlaryny gowşurdy
"ANSAT" dikuçaryň iň ýokary tizligi sagatda 275 kilometre deňdir. (Surat: "Russiýanyň dikuçarlary" kompaniýasy)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň dikuçar meýdançasynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň buýurmasy boýunça Tatarystanyň Kazan dikuçar zawody tarapyndan öndürilen “ANSAT” kysymly täze tiz kömek dikuçary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow Döwlet Baştutanymyza dikuçaryň esasy tehniki häsiýetnamalary barada hasabat berip, onuň şäher şertlerinde gaýragoýulmasyz tiz kömek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, ýöriteleşdirilen hassahanalara gysga wagtyň dowamynda näsaglary eltmek üçin niýetlenendigini belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, “ANSAT” dikuçarynyň lukmançylyk bölüminde ykjam elektrokardiograf we monitorly defibrilýator enjamy, ergin guýmak üçin infuziomatlar, emeli dem beriş enjamy, awtomatik sorujy enjamlar bardyr. Zerurlyk ýüze çykanda, näsagy kislorod bilen üpjün etmek üçin wideolaringoskop we intubasion turbajyklar hem bar.

Dikuçaryň iň ýokary tizligi sagatda 275 kilometre deň bolup, iň ýokary uçuş uzaklygy 510 kilometre barabardyr. Uçuş-tehniki häsiýetleri boýunça “ANSAT” dikuçary barmasy kyn bolan ýerlerde gyssagly işleri ýerine ýetirip bilýär.

Moskwada ýerleşýän “Russiýanyň dikuçarlary” holdinginyň anna güni ýaýradan metbugat beýanatynda holdingyň Kazan dikuçar zawodynyň “ANSAT” we “Mi-17-1W” tiz kömek dikuçarlaryny Türkmenistana iberendigi bellenilýär. Kompaniýa dikuçarlaryň ikisiniň hem ýaralanan we agyr näsaglary gysga wagtyň dowamynda ýakyn aralyga alyp barmak üçin niýetlendigini aýtdy.

Kazan dikuçar zawody bilen “Türkmenhowaýollary” agentliginiň arasynda 2020-nji ýylyň 31-nji martynda tiz kömek dikuçarlaryny satyn almak barada  şertnama gol çekildi. Şertnama laýyklykda, iki dikuçaryň bortlary lukmançylyk serişdeleri we ýanyk şikesli näsaglar üçin niýetlenen dürli görnüşli enjamlar hem-de beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edilendir.

Uçuş aralygyny ýokarlandyrmak üçin “Mi-17-1W” dikuçaryna goşmaça ýangyç guýujy enjamlary hem oturdylandyr.

“Ansat” dikuçarynyň iş ýüzündäki aýratynlyklaryna ýokary baha beriljekdigine hem-de bu wakanyň geljekki hyzmatdaşlygymyz üçin başlangyç nokat boljakdygyna umyt edýäris” diýip, Kazan dikuçar zawodynyň direktory Alekseý Belyh beýanatda belläp geçdi. ““ANSAT” we “Mi-17-1W” kysymly dikuçarlary Russiýada howa tiz kömek hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde öňdebaryjylygyny subut etdi. Biz toplan tejribämizi Türkmenistandaky kärdeşlerimiz bilen paýlaşýanymyza we döwrebap enjamlar bilen üpjün edýänimize örän şat” diýip, Alekseý Belyh aýtdy.

“Türkmenhowaýollary” agentligi bilen baglaşylan şertnama laýyklykda Kazan dikuçar zawody awiasiýa okuw merkezinde 30 sany türkmen uçarmanyna we inžener-tehniki işgärlerine degişli okuw sapaklaryny berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ANSAT” dikuçaryň iş ýüzünde ulanylyp görlenden soň, şeýle tehnikany ýurdumyzyň beýleki welaýatlary üçin hem satyn almagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburowa hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesowa tabşyrdy.

2022