Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda wise-premýer Mämmetmyrat Geldinyýazowa ýurdumyzda Aral deňziniň guramagy sebäpli onuň ýaramaz täsiriniň öňüni almak üçin kabul edilen toplumlaýyn çäreleri, ylmy merkezleriň, hassahanalaryň gurluşygyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, Döwlet Baştutanymyz Aral deňziniň guramagy sebäpli, ekologiýa betbagtlygynyň zolagynda döreýän howa gurşawy bize uly howp döredýändigini belläp, bu ýagdaý tebigata, howa, Aralýaka sebitde we şondan uzakda ýaşaýan adamlaryň saglygyna örän ýaramaz täsir edýändigini aýtdy.
Şeýle hem, Döwlet Baştutanymyz bu işler barada Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde her aý hasabat berip durmak zerurdyr diýip belledi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2019-njy ýylyň dekabrynda Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory hanym Liliýa Burunçuk geçirilen duşuşykda Bütindünýä banky bilen Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň arasynda Merkezi Aziýanyň gidrometeorologiýa gulluklaryny kämilleşdirmek üçin taslamany Goşmaça maliýeleşdirmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekmek dabarasy geçirildi.