Türkmenistanda Türkiýäniň “syýahatçylyk hepdesine” bagyşlanyp çäre geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Türkiýäniň “syýahatçylyk hepdesine” bagyşlanyp çäre geçirildi
Stambul, Türkiýe

Türkiýäniň Aşgabatdaky medeniýet merkezinde duşenbe güni Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeliginiň çäginde “Howpsuz syýahatçylyk tanyşdyryşy we Türkiýäniň surat sergisi hem-de türk naharlary” atly çäre geçirildi.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda syýahatçylyk hepdeligi aprel aýynyň 22-ne çenli dowam eder. Duşenbe güni geçirilen çärä birnäçe ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekili, ýurdumyzdaky halkara guramalaryň we syýahatçylyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkiýäniň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral çäräni açyp, öz cykyşynyň dowamynda Türkiýä syýahat edilende döwlet tarapyndan alnyp barylýan çäreler bilen tanyşdyrdy. Olaryň arasynda myhmanlar üçin öňüni alyş çäreleri, COVID-19 syýahatçylary goramak üçin saglyk ätiýaçlandyryşy, 2020-nji ýylyň iýun aýynda durmuşa geçirilip başlanan “Howpsuz syýahat maksatnamasy” bardy.

Şeýle hem, çäräniň dowamynda Türkiýäniň medeniýetini we tebigatyny wasp edýän surat sergisi görkezildi hem-de myhmanlara türk tagamlary hödürlenildi.

Türkiýe 1991-nji ýylda Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurt boldy. Iki ýurduň diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda ýola goýlup, Aşgabatda Türkiýäniň ilçihanasy açyldy.