Türkmenistanyň biržasynda $31 milliondan gowrak söwda boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň biržasynda $31 milliondan gowrak söwda boldy
Daşary ýurtly telekeçileri reňksiz list aýnasyny, mata önümlerini we nah ýüplügini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 31 million 236 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE), Şweýsariýanyň, Kipriň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen suwuklandyrylan gazy, polipropileni, uçar kerosinini, nebit bitumyny we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň täjirleri ECO-93 “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen awtobenzini, Russiýanyň telekeçileri bolsa polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan döwletleriniň wekillerine daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi.

Şweýsariýanyň, BAE-niň, Ermenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 3 million 765 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 63 million 144 müň manatlykdan gowrak plastik önümlerini, pagta süýümini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.