Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga garadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga garadylar
Goňşy döwletler ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda sişenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda iki döwletiň ýolbaşçylary özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary barada pikir alşyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de uzak möhletleýin esasda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Owganystanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, goňşy döwletler ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler, energetika, ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ulgamlarda däp bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani iki döwletiň arasyndaky däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň geljekde-de ähli ugurlar boýunça pugtalandyryljakdygyna hem-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani şu ýylyň 14-nji ýanwarynda wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki infrastruktura desgalarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdylar.

2022