Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 21 million 142 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt walýutasyna Hytaýyň, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen dizel ýangyjyny, nebit bitumyny, binýatlyk ýagy we nebit koksuny satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Russiýa we Gyrgyzystan döwletleriniň wekillerine daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük we tüýjümek önümler ýerlenildi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 100 müň manatlyga golaý buýan kökünden taýýarlanylýan çaý içgisini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin TNGIZT-de öndürilen polipropilen we gaplaýyş plýonkasyny, şeýle hem el halylaryny we pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 37 million 213 müň manatdan gowrak boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 171-si hasaba alyndy.