Türkmenistanyň Merkezi banky raýatlaryň goýumlarynyň umumy möçberini mälim etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Merkezi banky raýatlaryň goýumlarynyň umumy möçberini mälim etdi
Türkmenistandaky raýatlaryň döwlet täjirçilik banklarynda goýan goýumlarynyň umumy möçberi 22 milliard 650 million manada deň boldy.

2021-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistandaky raýatlaryň karz edaralaryndaky goýumlarynyň umumy möçberi 29 milliard 82 million manada barabar bolup, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 5,4% ýokarlandy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bank gözegçiligi müdirliginiň mälim eden maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň aprel aýy ýagdaýyna goýumlaryň umumy möçberi 27 milliard 593 million manada deň bolupdy.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, şolaryň arasynda 2021-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistandaky raýatlaryň paýdarlar täjirçilik banklarynda goýan goýumlarynyň umumy möçberi 6 milliard 424 million manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 253% ýokarlandy. 2020-nji ýylyň aprel aýy ýagdaýyna bu goýumlaryň umumy möçberi 2 milliard 536 million manada barabar bolupdy.

Şeýle hem, 2021-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistandaky raýatlaryň döwlet täjirçilik banklarynda goýan goýumlarynyň umumy möçberi 22 milliard 650 million manada deň bolup, daşary ýurt banklarynyň şahamçalarynda goýlan goýumlaryň umumy möçberi 7 million manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda 2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky gol çeken Karary esasynda “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk hukuk görnüşi üýtgedilip, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankyna öwrüldi.

2022