Türkmenistanda Ýeňiş güni mynasybetli döwlet çäreleri geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Ýeňiş güni mynasybetli döwlet çäreleri geçiriler
Bekrewedäki ýadygärlikler toplumynda gül goýmak çäresi geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda 9-njy maýda uly baýramyň — Ýeňiş gününiň bellenilip geçiljekdigine ünsi çekip, halkymyzyň däp-dessuryny, şeýle hem beýleki seneleri göz öňünde tutup, şol gün agşam sadaka beriljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, şol gün Bekrewedäki ýadygärlikler toplumynda gül goýmak çäresi geçiriler we uruşdan gaýdyp gelmedik watandaşlarymyzyň ählisi ýatlanar.

Şeýle hem, Döwlet Baştutanymyz “1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakynda” Permana gol çekdi.

Mundan başga-da, Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda Oraza baýramy mynasybetli 13-nji maýy iş güni däl diýip yglan etmek hakynda Permana gol çekdi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny, uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryny, tylda zähmet çekenleri gutlamak dabarasy hem geçiriler.