Türkmenistanyň biržasynda $22 milliondan gowrak söwda boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň biržasynda $22 milliondan gowrak söwda boldy
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin el halylaryny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 22 million 340 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýanyň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyran gazy we “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamidi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýa, Azerbaýjan we Gyrgyzystan döwletleriniň wekillerine daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük we tüýjümek önümler ýerlenildi.

Türkiýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 17 million 390 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen polipropilen we düz (float) aýnasyny, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 55 million 351 müň manatdan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.