“Lebapetönümleri” şu ýyl 100 tonna et önümlerini öndürmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Lebapetönümleri” şu ýyl 100 tonna et önümlerini öndürmegi meýilleşdirýär
Kompaniýanyň önümçilik kärhanasynda geçen ýylyň dowamynda 60 tonna 580 kilogram et we et önümleri öndürildi.

Türkmenabat şäherindäki “Lebapetönümleri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy 2021-nji ýylda et we et önümleriniň 100 tonnasyny öndürmegi maksat edinýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kompaniýanyň önümçilik kärhanasynda geçen ýylyň dowamynda 60 tonna 580 kilogram et we et önümleri öndürildi.

Häzirki wagtda sarp edijilere şöhlat önümleriniň 18 görnüşi hödürlenilýär. Ýarym kakadylan birinji derejeli “Daşrabat”, “Hazar”, “Aşgabat”, guş etinden taýýarlanylan “Saýatly” şöhlaty, “Köýtendag” şöhlat önümleriniň gaýnadylan görnüşleri, “Sähra” ýaly büzmeçler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Sarp edijilere hödürlenýän önümleri talap edilýän kadalara laýyklykda taýýarlanylýar.

Kärhana welaýat boýunça döwlet we hususy söwda dükanlarynda sowadyjylarynyň 280-sini ýerleşdirdi. Bu bolsa alyjylara önümleri terligine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

2022