Türkmenistanyň biržasynda $19 milliona golaý söwda boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň biržasynda $19 milliona golaý söwda boldy
Daşary ýurt telekeçileri TNGIZT-de öndürilen awtobenzini, tehniki kerosini we senagat ýagyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 19 million ABŞ dollaryna golaý boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen awtobenzini, tehniki kerosini we senagat ýagyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gaz owganystanly işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerine daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük ýerlenildi.

Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 292 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin reňksiz list aýnasyny, şeýle hem pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 12 million 200 müň manatdan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022