Aşgabadyň demirgazygynda döwrebap kotejler toplumy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabadyň demirgazygynda döwrebap kotejler toplumy gurlar
Altyn kölüň kenar ýakasynda guruljak döwrebap kottej toplumynyň we ähli dynç alyş düzüminiň gurluşygy 2024-nji ýylda tamamlanar.

Aşgabat şäherini ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň çäklerinde paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Altyn kölüň kenarynda 268 sany iki gatly kotejler toplumy gurlar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze toplum Altyn kölüň demirgazyk-gündogar böleginde kenar ýakasy bilen çäkleşýän ulag ýolunyň arasynda ýerleşer. Bu toplumyň merkezi zolagynyň ini 424 metr, diametri 4 müň metr, uzynlygy bolsa 7 kilometrdir. “Ýaý görnüşli” zolagyň merkezinde ýerleşýän toplumyň geometrik merkezi bolan seýilgäh meýdançasy amfiteatry we awtoduralgany öz içine alar.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyry üçin baş meýilnamasyny düzüjiler – “Türkmendöwlettaslama” baş döwlet taslama birleşiginiň binagärleri we dizaýnerleridir. Olar dynç alyş meýdançasyny gurmak üçin bellenen 300 gektara golaý meýdany 30 meýdança bölüp, ýakyn wagtda onuň 10-synda iki gatly, ýokary tehnologiýaly kotejleri gurmagy meýilleşdirýärler.

Her meýdançada (iki ýa-da ikiden köp maşgala üçin) dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň buýurmasy bilen kotejleriň 4 görnüşini gurmak meýilleşdirilýär. Guruljak pes gatly binalaryň arhitekturasy daşky we içki dizaýny bilen tapawutlanar.

Kotejlerden başga-da, her bir meýdançada dynç alyş düzümine degişli restoranlary, naharhanalary, açyk howuzlary, akwaparklary, sport we çagalar üçin oýun meýdançalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, häzirki zaman kottej toplumynda jemgyýetçilik desgalary bolan administratiw binasy, saglyk öýi, söwda merkezi, hyzmatlar öýi, polisiýa we ýangyn söndüriji bölümler göz öňünde tutulandyr.

Toplumyň merkezi böleginde köpçülikleýin çäreler üçin meýdança, suw çüwdürimleri we dynç almak üçin seýilgäh meýdançasy dörediler.

Altyn kölüň kenar ýakasynda guruljak döwrebap kotej toplumynyň we ähli dynç alyş düzüminiň gurluşygy 2024-nji ýylda tamamlanar.