Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasynyň we onuň hyzmatdaşlarynyň (OPEC+) tomus möwsüminde ABŞ-da ýangyja bolan islegiň ýokarlanjakdygyny çaklap, iýun-iýul aýlarynda nebit üpjünçiligini tapgyrlaýyn ýokarlandyrmak boýunça meýilnamany dowam etdirmek karary çarşenbe güni dünýäde nebitiň bahasynyň galmagyna sebäp boldy. Bu barada amerikan teleýaýlymy “CNBC” habar berýär.
“Brent” nebitiniň şertnamalarynyň bahasy 37 sent ýa-da 0,5% ýokarlanyp, 70,62 ABŞ dollaryna ýetdi. WTI nebitiniň şertnamalarynyň bahasy 32 sent ýa-da 0,5% ýokarlanyp, 68,05 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bahalar 2018-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri iň ýokary derejä çykdy.
OPEC+ ýurtlary sişenbe güni geçiren duşuşygynda önümçilik çäklendirmelerini iýul aýyna çenli kem-kemden ýatyrmak boýunça meýilnamany dowam etdirmegi ylalaşdylar.
Saud Arabystanynyň energetika ministri şazada Abdulaziz bin Salmanyň duşuşykdan soňky beren beýanaty nebitiň bahasynyň galmagyna itergi berdi. Ol dünýädäki iň uly iki nebit sarp edijileri bolan ABŞ-da we Hytaýda islegiň ep-esli ýokarlanmagyna garaşýandygyny we COVID-19 pandemiýasyna garşy edilýän sanjymlaryň tizliginiň dünýä nebit bazaryndaky deňagramlylygy täzeden dikeldip biljekdigini aýtdy.
Ýadro ylalaşygyny uzaltmak baradaky gepleşiklerde gazanylan öňe gidişligiň netijesinde, Eýrana garşy goýlan sanksiýalaryň ýatyrylmak mümkinçiliginiň döremegi soňky iki hepdäniň dowamynda galyp gelýän nebitiň bahasynyň has-da ýokarlanmagynyň öňüni aldy. Emma günbatarly iki diplomat we Eýranyň resmisi gepleşikleriň penşenbe güni wagtlaýyn ýatyryljakdygyny aýtdy.
OPEC-iň Baş sekretary Mohammad Barkindo ýadro şertnamasy baglaşylan halatynda hem Eýranyň nebit eksportynyň artmagynyň durnukly bolmagyna garaşýandygyny belläp geçdi.
Aprel aýynyň 1-ne geçirilen mejlisde OPEC+ topary dünýäde nebite bolan islegiň ýokarlanjakdygyny çaklap, maý-iýul aýlarynda onuň günlük öndürilişini tapgyrlaýyn 2 million 100 müň barrel artdyrmagy ylalaşypdylar.