Türkmenistanda “Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda” täze Kanun güýje girdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda “Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda” täze Kanun güýje girdi
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň hereket edýän möhleti üç ýyldan az we kyrk bäş ýyldan köp bolmaly däldir.

Türkmenistanda “Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda” täze Kanun sişenbe güni güýje girdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny, onuň amala aşyrylyş usullaryny kesgitleýär we döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasyny taýýarlamagyň we durmuşa geçirmegiň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy — döwlet we hususy hyzmatdaşlaryň döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň taýýarlanylmagy we durmuşa geçirilmegi üçin özleriniň serişdelerini birleşdirmeklige esaslanýan anyk möhlete hukuk taýdan resmileşdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygydyr.

Döwlet hyzmatdaşy — Türkmenistan, onuň adyndan çykyş edýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary, şeýle hem oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarlandyrylan beýleki edaralar (guramalar).

Hususy hyzmatdaş — döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy baglaşan ýuridik şahs (esaslyk maýasynyň 50% ýokary paýy döwlete degişli bolan ýuridik şahsdan başga), daşary ýurt guramasy, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs-hususy telekeçi.

Umumy bahasy bellenen aňryçäk mukdaryň çäklerindäki döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasynyň tassyklanylmagy döwlet hyzmatdaşy tarapyndan ygtyýarly edara bilen ylalaşmak esasynda özbaşdak amala aşyrylýar. Eger-de umumy bahasy bellenen aňryçäk mukdardan ýokary möçberde bolsa, onuň tassyklanylmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan amala aşyrylýar.

Döwlet hyzmatdaşy bäsleşigiň ýa-da göni gepleşikleriň netijesi boýunça kesgitlenýän hususy hyzmatdaş bilen döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk baglaşýar.

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini beýan etmek üçin bäsleşige gatnaşan mahalynda dalaşgär şu aşakdaky ölçeglere laýyk gelmelidir:

  • hukuk ukyplylygyna eýe bolmaly;
  • döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan maliýe we (ýa-da) maddy, tehniki we (ýa-da) hünär derejeli zähmet gorlary bolmaly;
  • barlygy bähbitleriň çaknyşygyna getirjek esaslar bolmaly däl.

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň hereket edýän möhleti üç ýyldan az we kyrk bäş ýyldan köp bolmaly däldir. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň taraplary onuň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy ýa-da gysgaldylmagy barada şertleşip bilerler.

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň çäklerinde hususy hyzmatdaşlara maliýe goldawynyň şu görnüşleri berlip bilner:

  • subsidiýalar, şol sanda hususy hyzmatdaşyň döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasynyň ýerine ýetirilmeginden kepillendirilýän iň pes girdejiniň üpjün edilmegi üçin gönükdirilýänleri;
  • döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasynyň ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan aktiwler we emläk görnüşindäki goýumlar;
  • döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasynyň ýerine ýetirilmeginiň barşynda öndürilen ýa-da iberilen harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) kesgitli mukdarynyň ýa-da böleginiň sarp edilmeginiň ýa-da peýdalanylmagynyň tölenilmegine gönükdirilýän Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri;
  • Türkmenistanyň Döwlet býujetinden berilýän býujet ssudalary, nesýeleri, grantlary, karz görnüşindäki serişdeleri;
  • Türkmenistanyň döwlet kepillikleri;
  • salgyt we beýleki ýeňillikler;
  • maliýeleşdirmegiň, kepillikleriň we (ýa-da) öwezini dolmalaryň başga görnüşleri.

Şu Kanunyň hereketi “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýän gatnaşyklara, “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýan nebit işlerine we döwletiň hukuk tertibiniň, goranmak ukybynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly ýöriteleşdirilen işe degişli däldir.

Çeşme: “Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

2022