Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty (HGI) hojalyk hasaplaşygyna geçirilýär. Degişli teklip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan anna güni Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde makullandy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny özgertmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy.
Hususan-da, iki basgançakly bakalawr we magistr bilim maksatnamasyna geçmek üçin öňümizdäki okuw ýylynda ýokary okuw mekdebinde tölegli esasda käbir ugurlary açmak teklip edilýär. Geljek ýyllarda beýleki hünärler boýunça şu esasda okatmak hem-de instituty hojalyk hasaplaşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar.
Wise-premýer hasabatynda şunuň bilen birlikde, HGI-niň düzümini kämilleşdirmek bilen baglylykda, täze okuw bölümlerini, şol sanda ýokary okuw mekdebiniň ýanynda ýaş diplomatlaryň mekdebini, strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi açmagyň, şeýle hem sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümini döretmegiň maksadalaýyk hasaplanýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara gatnaşyklary institutynyň taýýarlaýan ýaş hünärmenleriniň ýakyn geljekde daşary ýurtlarda, abraýly halkara guramalarda, dünýäniň ykdysady, ynsanperwer, hukuk we maglumat giňişliginde Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmelidigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Bu ýokary okuw mekdebi hormatly Prezidentimiziň milli diplomatiýa mekdebini döretmek baradaky başlangyjynyň esasynda hem-de döwlet Baştutanymyzyň 2008-nji ýylyň martynda gol çeken Permanyna laýyklykda döredildi. Häzirki wagtda HGI-de fakultetleriň 4-si, kafedralaryň 6-sy, merkezleriň 3-si hereket edýär.