Gruziýanyň Batumi portunda mineral dökünlerini üstaşyr geçirmäge niýetlenen täze multimodal terminaly açyldy. Bu barada Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrligi geçen hepde habar berdi.
Terminalyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Natia Turnawa ýükleriň Merkezi Aziýadan Azerbaýjanyň üsti bilen Batumi şäherine baryp, soňra ABŞ, Ýewropa, Afrika, Awstraliýa ugradyljakdygy aýtdy.
Turnawa, dünýäde oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň artmagy bilen bir hatarda mineral dökünlere bolan islegiň hem artýandygyny belledi.
Täze terminal ýylda 1 million 500 müň tonna mineral dökünini üstaşyr geçirmäge ukyplydyr.
Amerikan “Trammo” we “Wondernet Express” kompaniýalary Batumi portundaky täze multimodal terminalyň maýadarlarydyr. Taslama üçin gönükdirilen umumy maýa goýum serişdeleri 25 million ABŞ dollaryna barabar boldy.
Geçen hepde Azerbaýjanyň Baku portunda kuwwatlylygy ýylda 2 million 500 tonna döküni üstaşyr geçirmäge ukyply bolan dökün terminalynyň gurluşygy başlandy.