Türkmenistanda internet hyzmatlarynyň arzanladylmagy boýunça işler geçirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda internet hyzmatlarynyň arzanladylmagy boýunça işler geçirilýär
Wise-premýer kärhanalarda, edaralarda, telekeçilikde we bilim ulgamynda internet ulgamyndan işjeň peýdalanylýandygyny belledi.

Türkmenistanda internet ulanyjylaryň sanynyň artmagy göz öňünde tutulyp internet hyzmatlarynyň bahalaryny arzanlatmak boýunça işler geçirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we kommunikasiýa boýunça orunbasary Baýramgeldi Öwezow wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa internet ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, wise-premýer ýurdumyzda internet ulanyjylaryň sanynyň barha artýandygyny, şeýle hem kärhanalarda, edaralarda, telekeçilikde we bilim ulgamynda internet ulgamyndan işjeň peýdalanylýandygyny belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ulanyjylaryň ýokary tizlikli internete islegleriniň artýandygy bilen baglylykda, internet ulgamynyň göwrümini giňeltmek zerur bolup durýar. Şuny nazara almak bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan halkara bäsleşik geçirildi.

Wise-premýer Baýramgeldi Öwezow bu ugurda göz öňünde tutulan işleriň geçirilmegi internet hyzmatlarynyň bahalarynyň arzanladylmagyna, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamynyň, elektron söwda hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda döwrebap maglumat ulgamlaryny döretmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu gün ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak, önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, munuň pudaklaryň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.

2021-nji ýylyň fewralynda internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy üçin täze nyrhnamalar tassyklanyldy. Şoňa laýyklykda, olaryň tölegi 50%-e çenli arzanladyldy.

2022