Daşary ýurt kompaniýalary türkmen telekeçilerine karz serişdelerini bermäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurt kompaniýalary türkmen telekeçilerine karz serişdelerini bermäge taýýar
Ýeňillikli karz serişdeleri Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen hyzmatdaşlyk esasynda berler.

Angliýanyň gurluşyk enjamlaryny öndüriji JCB, Fransiýanyň ýük awtoulag öndürijisi “Renault Trucks”, Germaniýanyň maşyngurluşyk kompaniýasy “Wirtgen Group” we Amerikanyň “John Deer” kompaniýasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalaryna enjamlaryny satyn almak üçin ýeňillikli karz serişdelerini bermäge taýýardyr.

TSTB-niň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bu barada kompaniýalaryň wekilleri duşenbe güni geçirilen “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürligi we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki orny” atly halkara onlaýn konferensiýasynda mälim etdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, ýeňillikli karz serişdeleri Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen hyzmatdaşlyk esasynda berler. Şol bir wagtyň özünde, türkmen işewürleri JCB ýörite enjamlary üçin “Bank ABC” tarapyndan, “Wirtgen Group” we “John Deer” enjamlary üçin “External German partner bank & JDF” banky, şeýle hem “Renault Trucks” ýük awtoulaglaryny satyn almak üçin “Renault Trucks’ bank” tarapyndan karz serişdeleri bilen üpjün ediler.

“Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürligi we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki orny” atly halkara konferensiýasy interaktiw onlaýn platformada Angliýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Awstriýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň wekillerini ýygnady.

2022