Esasy azyk önümleriniň bahalarynyň düşmegine garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Esasy azyk önümleriniň bahalarynyň düşmegine garaşylýar
Geljek on ýylyň dowamynda oba hojalyk önümlerine bolan islegiň her ýyl 1,2% ýokarlanmagyna garaşylýar.

Esasy azyk önümleriniň bahalarynyň geljek on ýylda olara bolan islegiň peselmegi we önümçiligiň artmagy bilen düşmegine garaşylýar. Bu barada BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) duşenbe güni ýaýradylan hasabatynda aýdylýar.

Hytaýyň importynyň ösmegi we üpjünçilige ýaramaz täsir edýän howa şertleri sebäpli şu ýyl bütin dünýäde azyk önümleriniň bahasy geçen dokuz ýylyň dowamyndaky iň ýokary derejesine ýetdi.

Hasabatda bellenişi ýaly, ýakyn ýyllarda däne we balyga bolan islegiň peselmegi we ferma önümçiliginiň artmagy bilen 2030-njy ýyla çenli real bahalar (inflýasiýa göz öňünde tutulyp çykarylan baha) durnuklylaşyp biler.

Geljek on ýylyň dowamynda oba hojalyk önümlerine bolan islegiň her ýyl 1,2% ýokarlanmagyna garaşylýar. Geçen on ýyl bu görkeziji 2,2%-e deňdi. Şeýle hem geljek on ýylda oba hojalyk önümçiliginiň 1,4% ýokarlanar diýlip hasabatda bellenilýär.

Mundan başga-da hasabatda Hytaýyň balyga we ete bolan islegi dünýäde oba hojalyk bazarlarynyň esasy hereketlendirijisi bolup galar, ýöne sarp edişiň geçen on ýyl bilen deňeşdirilende has haýal ösmegine garaşylýandygy aýdylýar.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi maý aýynda ortaça 127,1 bala ýetip, aprel aýyndan bäri 4,8% we 2020-nji ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 39,7% ýokarlandy.

2022