Türkmenistanda 200-e golaý internet dükany hasaba alyndy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 200-e golaý internet dükany hasaba alyndy
Bu saýtlaryň köpüsi Aşgabatda esaslandyrylandygyna garamazdan, ýurduň beýleki sebitlerinde hem hyzmatlaryny hödürläp başladylar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda tölegli hyzmatlary hödürleýän onlaýn dükanlaryň we saýtlaryň 200-e golaýynyň domen ady hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň internet saýtynda sişenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu saýtlaryň köpüsi paýtagtda esaslandyrylylandygyna garamazdan, ýuwaş-ýuwaşdan ýurduň sebitlerinde hem hyzmatlaryny hödürläp başladylar.

Ýurdumyzda iň uly onlaýn dükanlaryň biri bolan “Ynamdar” ýaňy-ýakynda Maryda we Türkmenbaşyda şahamçalaryny açdy. Bu şäherlerde sargytlaryň sany häzirlikçe bir günde 150-200-e ýetýär, Aşgabatda bolsa onlaýn sargytlaryň sany günde 3 müňe golaýlaýar.

Türkmenistanda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak bilen bagly geçirilýän işleriň çäklerinde onlaýn söwda hyzmatlaryna isleg has hem artdy. Bu döwürde ýurtda onlarça täze onlaýn söwda platformasy işläp başlady, olaryň aglabasy hususy eýeçilige degişlidir, diýlip habarda aýdylýar.

"Türkmendomen" hojalyk jemgyýetiniň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda hasaba alnan domen atlarynyň umumy sany 732-ä ýetdi.

2022