TSTB-niň agzalary oba hojalyk önümleriniň 150 müň tonnasyny ýygnadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB-niň agzalary oba hojalyk önümleriniň 150 müň tonnasyny ýygnadylar
Häzirki wagtda oba ýerlerinde umumy meýdany 450 gektar bolan onlarça ýyladyşhana gurlup, ulanylmaga berildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň (TSTB) agzalary 2021-nji ýylyň alty aýynda 150 müň tonnadan gowrak oba hojalyk önümleriniň hasylyny ýygnadylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar berşi ýaly, pomidoryň we beýleki ekinleriň dürli görnüşlerini ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmekde ýöriteleşýän hususy oba hojalyk öndürijileriniň eksport mümkinçiligi ep-esli artdy. Häzirki wagtda oba ýerlerinde umumy meýdany 450 gektar bolan onlarça ýyladyşhana gurlup, ulanylmaga berildi.

TSTB-niň oba hojalyk bölüminiň maglumatyna görä, diňe ýaz möwsüminde ýyladyşhana hojalyklarynyň eýeleri pomidoryň dürli görnüşleriniň 50 müň tonna golaýyny daşary ýurtlara eksport etdiler, bu bolsa  tutuş 2020-nji ýylyň netijesinden hem köpdür.

Şu ýyl TSTB-niň agzalary 7 müň tonnadan gowrak mäş ýygyp, diňe içerki bazary üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem goňşy ýurtlara 6 müň tonnadan gowrak kösükli ösümligi ilkinji gezek eksport etdiler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda TSTB ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iş alyp barýan 25 müňden gowrak telekeçini özünde jemleýär.

2022