Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň täze saýlanan Prezidentini Türkmenistana sapara çagyrdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň täze saýlanan Prezidentini Türkmenistana sapara çagyrdy
Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi (Surat: "Xinhua")

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi resmi iş sapar bilen Türkmenistana gelmäge we şu ýyl geçiriljek Hazarýaka döwletleriň hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň sişenbe güni Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda mukaddes Gurban baýramynyň gelmegi bilen birek-biregi gutladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Milli Liderimiz Seýed Ebrahim Raisini golaýda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Biz Eýran Yslam Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, Eýranyň strategik söwda-ykdysady hyzmatdaş bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn belledi. Esasan hem Eýran bilen ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy pudaklarynda netijeli hem-de özara bähbitli gatnaşyklar ösdürilýändigi nygtaldy.

Milli Liderimiz Seýed Ebrahim Raisi özi üçin islendik amatly wagtda resmi iş sapar bilen Türkmenistana gelmäge, şu ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy.

Eýranda iýunda geçirilen 13-nji Prezident saýlawlarynda Seýed Ebrahim Raisi sesleriň 62%-den gowragyny gazanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlandy. Ol Prezidentlik wezipesine awgustyň 5-ne girişer.

2022