Russiýa benziniň eksportyny wagtlaýyn gadagan etmegi göz öňünde tutýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa benziniň eksportyny wagtlaýyn gadagan etmegi göz öňünde tutýar
Russiýa benziniň eksportyna çäklendirmeleri soňky gezek 2011-nji ýyldaky ýangyç krizisinde girizipdi. (Surat: "TASS")

Russiýanyň Energetika ministrligi ýakyn günlerde benziniň eksportyny wagtlaýyn gadagan etmegi göz öňünde tutýar we muňa degişli ähli kadalaşdyryjy resminamalar taýýarlanyldy. Bu barada Energetika ministriniň orunbasary Pawel Sorokiniň aýdanlaryna salgylanyp, TASS agentligi duşenbe güni habar berdi.

“Benzini wagtlaýyn gadagan etmek üçin kadalaşdyryjy hukuk namalar taýýar. Häzirki wagtda biz munuň bilen bagly işleri we gündelik özgerişleri seljerýäris. Soňky iki günde biržada geçirilýän benziniň söwdalarynyň mukdary köpeldi we bahalar aşak düşüp başlady” diýip, Pawel Sorokin žurnalistlere ýüzlenmesinde belledi.

“Häzirki wagtda kadalaşdyryjy hereketleriň täsirine baha berilýär we biz ähli halkara şertnamalary ýerine ýetirmek üçin degişli namalara üýtgetmeleri girizip,  benziniň eksportyny wagtlaýyn gadagan etmäge taýýardyrys” diýip, Sorokin aýtdy.  

Sorokiniň aýtmagyna görä, bu karar biržadaky görkezijileriň ösüş depgininiň ýokarlanmagy ýa-da ýangyjyň bahasynyň peselmegi we bazara hödürlemäniň göwrümini artdyrmagyň esasynda kabul ediler. “Eger bu görkezijiler ýokarlanmasa, biz ýakyn günlerde bu karary kabul ederis” diýip Sorokin nygtady.

Russiýanyň Energetika ministrligi bu ýagdaýyň ýangyç bazaryndaky formula esasly eksport paçlaryň (dempfer mehanizminiň) girizilmegi we içerki bazarda benzin bolçulygynyň üpjün edilmegi arkaly çözüp boljakdygyna ynanýar. “Bu kompaniýalara zyýan bermek üçin edilmeli däldir, biz uzak möhletleýin durnuklylygy döretmeli” diýip Sorokin sözüniň üstüne goşdy.

Russiýa benziniň eksportyna çäklendirmeleri soňky gezek 2011-nji ýyldaky ýangyç krizisinde girizipdi. Şol döwürde Russiýanyň hökümeti benzine we nafta nebit salgydynyň 90%-i möçberinde eksport pajyny girizipdi.

2022