Amyderýa sebitinde suw-energetika hyzmatdaşlygy

Ogulgözel Rejepowa
Amyderýa sebitinde suw-energetika hyzmatdaşlygy
Amyderýa

Türkmenistanyň döwlet syýasatynda we diplomatiýasynda energetika hem-de suw meselesine uly ähmiýet berilýär, ýurdumyz sebitde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we suw serişdelerini netijeli dolandyrmak üçin goňşy ýurtlar hem-de halkara düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkezi tarapyndan (MASEM) amala aşyrylýan Ýewropa Bileleşiginiň “suw-energiýa-azyk” (SEA Neksus) özara gatnaşygynyň esasynda pudagara maliýeleşdirmegi höweslendirmek boýunça Merkezi Aziýa gatnaşyklary” taslamasyna gatnaşmagy munuň anyk mysalydyr. Ol Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) hem-de Germaniýanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş federal ministrliginiň (BMZ) maliýe taýdan goldamagynda dünýä sebitleriniň bäşisinde amala aşyrylýan ählumumy Neksus Gatnaşyklar Maksatnamasynyň bir bölegidir.

Merkezi Aziýa boýunça Sebit Neksus gatnaşyklary maksatnamasynyň (2020-2023ý) ikinji tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Tehniki iş toparynyň üsti bilen durmuşa geçirýän kiçi möçberli “Düýeboýun suw desgasy” taslamasy göz öňünde tutulýar. Bu toparyň hatarynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň, şeýle hem Düýeboýun suw desgasynyň ygtyýarly wekilleri bar.

Taslama Amyderýanyň aşaky akymynyň ýurtlary üçin uly ähmiýetli bolan Düýeboýun suw desgasyndaky şaha howdanynyň gyrmança basmak meselesini çözmek üçin tehniki we maýa goýum mümkinçiliklerini gözlemäge gönükdirilendir. Suw desgasy Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýakyn sebitlerini agyz suwy hem-de elektrik togy, galla, pagta, bakja we beýleki ekinleri, şeýle hem balyk ýetişdirýän fermer hojalyklaryny zerur serişdeler bilen üpjün etmek üçin suw möçberini möwsümleýin düzgünleşdirýär.

Hünärmenler bu taslamanyň Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky serhetýaka suw hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrar we giňelder diýip çaklaýarlar. Çökündileri innowasion tehnologiýalaryň üsti bilen arassalamak we ýok etmek çözgütleri iki ýurtda oba hojalygy üçin çykdajylary azaldyp, ýerli ýaşaýjylara peýdaly bolar diýlip garaşylýar.

Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň (MASEM) saýtynda bellenilişi ýaly, taslama 2021-nji ýylyň fewralyndan 2022-nji ýylyň dekabryna çenli Özbegistan Respublikasynyň Suw hojalygy ministrliginiň we Türkmenistanyň Suw hojalygy döwlet komitetiniň syýasy goldawynda, şeýle hem Merkezi Aziýa üçin Suw-energetika taslamasynyň (CAWEP) çäklerinde amala aşyrylýan “Merkezi Aziýanyň suw sektory üçin innowasion çözgütler laboratoriýasy” taslamasynyň tehniki taýdan goldamagynda DBGU serhetüsti desgasynda durmuşa geçirilýär. CAWEP Bütindünýä banky, Ýewropa Bileleşigi, Şweýsariýanyň (SECO üsti bilen) we Angliýanyň (DFID üsti bilen) arasyndaky hyzmatdaşlyk bolup, sebit derejesinde we peýdalanýan ýurtlarda suw hem-de energiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmak şertlerini döretmäge gönükdirilendir.

Iýul aýynda bilermenleriň iş toparynyň ikinji onlaýn-mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda “Düýeboýun suw desgasy” taslamasy boýunça işleriň geçen çärýekde gazanylan netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş toparynyň agzalary taslamanyň desgasyna we ýerine ýetirilýän ýerlerine (Türkmenistanyň Daşoguz welaýaty, Garagalpagystan Respublikasy we Özbegistanyň Horezm sebiti) giňişleýin baha bermek, halkara we milli hünärmenler tarapyndan taýýarlanan Düýeboýun suw desgasynyň kanalynyň suw howdanyndaky desgada howanyň üýtgemeginde ýüze çykýan howplara we suwuň akymynyň möçberine baha bermek ýaly meselelere seretdiler. Toparyň agzalary geçirilen işleriň netijeleri boýunça taslamalara tekliplerini we maslahatlaryny hödürlediler, şeýle hem 2021-nji ýylyň ahyryna çenli işleriň meýilnamasyny tassykladylar.

Ogulgözel Rejepowa

Bu makala ilkibaşda “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetinde 01.08.2021 senesinde çap edildi.

2022