TDHÇMB-de satuwa çykarylan polipropilen bir günde doly satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-de satuwa çykarylan polipropilen bir günde doly satyldy
Geleşikler üç aýyň içinde iberiş şertlerinde baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda çarşenbe güni eksport üçin 3 müň 500 tonna polipropileniň raffia görnüşi satuwa çykaryldy. Bir günüň dowamynda satuwa çykarylan polipropilen doly ýerlenildi. Bu barada “ICIS-MRC Price report” hasabatyna salgylanyp, ICIS himiýa önümlerini seljerýän halkara analitiki kompaniýasy habar berdi.

Hasabata görä, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) tarapyndan öndürilen polipropileniň bir tonnasynyň FCA/FOB bahasy 1 müň 300 ABŞ dollary möçberinde kesgitlenildi. Söwdalaryň dowamynda polipropilene bolan isleg ýokary derejede boldy we ähli şertnamalaryň bir tonna polipropilen üçin FOB/FCA bahasy 1 müň 400 ABŞ dollary möçberinde ylalaşyldy.

Geleşikler üç aýyň içinde iberiş şertlerinde baglaşyldy.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň iň iri kärhanasy bolup, öz göwrümi boýunça nebiti gaýtadan işleýän öňdebaryjy konsernlerine gabat gelýär. TNGIZT-niň düzümine iki zawod, köpsanly nebit bazalary we ýangyç guýujy beketler girýär.

Häzirki wagtda TNGIZT-niň çäklerinde çig malyň gaýtadan işlenişini çuňlaşdyrmak we goşmaça gymmaty bolan eksport önümleriniň görnüşini giňeltmek üçin dürli desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Mundan başga-da, polipropilen önümi ýurdumyzyň Gyýanlydaky polietileniň we polipropileniň dürli görnüşlerini çykarmaga ýöriteleşdirilen gazhimiýa toplumynda hem öndürilýär. Bu toplum ýylda 381 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge ukyplydyr.

2022