“Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýeti täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep okuwçylary we talyplar üçin “MB SHOES” haryt nyşanly aýakgaplarynyň birnäçe görnüşini hödürledi. Täze görnüşli aýakgaplar häzirki zaman ekologiýa taýdan arassa materiallardan ýasalandyr diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Habara görä, orta we ýokary okuw jaýlarynda okaýanlar kompaniýanyň önümlerine has hem ýokary isleg bildirilýärler. Şonuň bilen baglylykda, kompaniýa öz müşderilerine güýzki aýakgaplarynyň täze görnüşlerini hödürledi. Önümler dizaýn we reňkde global özgertmeler göz öňünde tutulyp öndürilýär. Bu bolsa içerki bazardaky islegiň ýokarlanmagyna goşant goşýar.
“Muhammet Balkan” HJ birnäçe ýyl bäri “MB SHOES” haryt nyşany bilen italiýan dizaýnly aýakgaplary öndürýär. Bu kärhanadaky önümler Ýewropanyň öňdebaryjy öndürijileriniň häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlarynda tikilýär.
Hünärmenler önümçilikde çig mal hökmünde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän “Aksuw” hojalyk jemgyýetinde öndürilýän tebigy göni ulanýarlar. Döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly göni gaýtadan işlemegiň netijesinde, kärhanada her möwsümde çagalar, zenanlar we erkekler üçin köp sanly aýakgap görnüşleri tikilýär.
Mundan başga-da, “Muhammet Balkan” kompaniýasy “MB” haryt nyşany bilen portfeller, gapjyklar we sumkalar ýaly deriden aksesuarlary öndürýär.
“Muhammet Balkan” kompaniýasynyň önümlerine diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem isleg bildirilýär. Kompaniýanyň “MB SHOES” aýakgaplary Russiýa eksport edilýär. Şeýle hem “Muhammet Balkan” HJ öndürýän tebigy derisiniň Italiýa eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýär.