Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrini kabul etdi
Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak ulgamynda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk etmegiň uly geljegi bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejimany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we senagat ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, duşuşyga Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroýuki Ýamamota hem gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, senagatlaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek, ylym bilen baglanyşykly, ýerli çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini çykarmaga gönükdirilen ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek babatda alan ugrunyň dürli pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem uly geljegi bardyr. Türkmenistan bu ugurdaky hyzmatdaşlyga uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, “ýaşyl energetika” ýaly möhüm ulgamda özara gatnaşyklar üçin gowy mümkinçilikler bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde, iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmekde uly tejribe toplanyldy. Taraplar Türkmenistanda gurlan döwrebap senagat toplumlary bu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir diýip, nygtdylar.

Lebap welaýatynda “Sumitomo Corporation” kompaniýasynyň gatnaşmagynda kuwwaty 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmak boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallarynyň biridigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Kiýoşi Ejima milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa döwletara gatnaşyklar meselelerine uly üns we goldaw berýändigi hem-de täze elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň wekiliýetiniň ýurdumyza gelmäge çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Täze desganyň işe girizilmeginiň diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylygynyň ýokarlanmagyna, şol sanda Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etjekdigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri anyk teklipler, degişli şertnamalaýyn-hukuk binýady hem-de taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşmagy bilen berkidilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de uzak möhletleýin strategik esasda işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Şol gün Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejimanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň işiniň wajypdygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplaryň özara gyzyklanma döredýän ähli ulgamlarda netijeli türkmen-ýapon gatnaşyklaryny dowam etdirmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.

2022