TULM we “Demirýollary” Türkmenistanda ekspres ýük otlularynyň gatnawyny ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TULM we “Demirýollary” Türkmenistanda ekspres ýük otlularynyň gatnawyny ýola goýdy
Şu ýylyň 12-nji sentýabrynda kompaniýalar tarapyndan Samandepe - Türkmenbaşy porty ugry boýunça ekspres ýük otlynyň ilkinji synag gatnawy gurnaldy. (Surat: TULM)

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde ekspres ýük otlylaryň ýörite gatnaw tertibini düzdi. TULM bu hyzmat bilen bir hatarda ýükleriň daşalmagynyň ähli tapgyrlaryny öz içine alýan logistika hyzmatlarynyň toplumyny hem hödürleýär.

TULM-yň çarşenbe güni “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, şu ýylyň 12-nji sentýabrynda kompaniýalar tarapyndan Samandepe - Türkmenbaşy porty ugry boýunça ekspres ýük otlynyň ilkinji synag gatnawy gurnaldy. Jemi 40 wagondan ybarat ýük otlusy 3 günüň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi.

Kompaniýa täze hyzmaty arkaly Soltanbent - Türkmenbaşy porty, Samandepe - Türkmenbaşy porty, Samandepe - Sarahs, Türkmenbaşy porty - Farap, şeýle hem Ruhubelent - Türkmenbaşy porty ugurlary boýunça ýük ibermegi teklip edýär.

Aprel aýynda, TULM Türkiýeden Özbegistana ugran ilkinji ekspres ýük otlysynyň Türkmenistandan üstaşyr geçirilmegine ýardam beripdi.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2018-nji ýylyň iýul aýynda döredildi. TULM-yň döredilmeginiň maksady Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmakdan, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmaga ýardam bermekden hem-de üstaşyr, eksport-import ýükleri ugradyjydan alyja eltmekde ýerlikli logistiki çözgütleri işläp düzmekden ybaratdyr.

2022