Türkmen wekiliýetleri Özbegistana iş saparyny amala aşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýetleri Özbegistana iş saparyny amala aşyrdy
Buhara, Özbegistan

Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekilçilikli toparlary degişlilikde, goňşy Özbegistanyň Buhara we Horezm welaýatlaryna 22-nji sentýabrda iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Habara görä, Buhara welaýatyna bolan iş saparyna Lebap welaýatynyň toparyna welaýat, etrap häkimlikleriniň, hususyýetçileriň, alyjylar jemgyýetleriniň, oba hojalykçylaryň we medeniýet ulgamynyň agzalary wekilçilik etdiler.

Saparyň dowamynda Lebabyň wekilçilikli topary Buhara welaýatynyň Garaköl etrabynda ýaňy-ýakynda ulanylmaga berlen medeniýet merkezi, özbek hususyýetçileriniň sergisi, Buhara dokma kärhanasy, welaýatyň senagat önümleriniň sergisi, taryhy ýadygärlikleri, taryhy muzeýiň gymmatlyklary, hususy ýyladyşhanalar toplumy bilen tanyşdylar.

Daşoguz welaýatynyň toparynyň Horezm welaýatynda bolan iş saparyna welaýat we etrap häkimleri, oba hojalyk, telekeçilik, alyjylar jemgyýetleri hem-de medeniýet ulgamynyň agzalary wekilçilik etdiler.

Wekilçilikli topar Şawat etrabynyň çägindäki maldarçylyk toplumynda mallary bakmak, ot-iým bolçulygyny döretmek babatda işleriň guralyşy bilen tanyşdylar. Bu toplumda et önümçiligi üçin daşary ýurtlardan getirilen mallaryň 800-e golaýy bar bolup, onuň ýanynda günde 6 tonna süýdi gaýtadan işleýän kärhana hereket edýär.

Iş saparynyň dowamynda topar goňşy döwletiň welaýat merkezinde hereket edýän “Uzteх group”, “Uzteх Şhowot”, “Katgala tekstil” iri senagat kärhanalaryna, jorap fabrigine bardylar we dokma toplumynda önümçiligiň ýola goýulşy, işiň ähli tapgyrlarynyň sazlaşykly yzygiderliligi bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti duşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hoşniýetli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekiliýetlerini 2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda degişlilikde, Özbegistanyň Buhara we Horezm welaýatlarynda gulluk iş saparyny amala aşyrmagy barada Buýruga gol çekdi. 

2022