Russiýanyň Oba hojalyk ministrligi bugdaýyň bahasynyň ösüşiniň öňüni almak üçin umumy däne kwotasynyň çäginde 2022-nji ýylyň 15-nji fewralyndan başlap bugdaýyň eksporty üçin aýratyn kwotany girizmegi teklip edýär. Bu barada Russiýanyň Oba hojalygy ministriniň orunbasary Oksana Lutyň 30-njy sentýabrda däne eksport edijiler birleşiginiň agzalary bilen geçiren duşuşygynda aýdanlaryna salgylanyp, “Interfaks” agentligi duşenbe güni habar berdi.
Habara görä, Russiýanyň Oba hojalyk ministrligi şu ýyl 127 million tonna galla hasylynyň ýygnalmagyna garaşýar. Onuň eksportynyň bolsa 34,5-35 million tonna bolmagyna, şolardan 14 million tonna möwsümiň ikinji ýarymynda, ýagny 2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda eksport edilmegine garaşylýar.
Russiýanyň galla eksportçylary bileleşiginiň başlygy Eduard Zerniniň belleýşi ýaly, umumy galla kwotanyň çäginde bugdaý eksporty üçin aýratyn çäklendirme giriziler. Onuň möçberi 2022-nji ýylyň başyna çenli içerki bazaryň isleginden ugur alnyp hasaplanylar.
Şeýle hem, 2022-nji ýylda Russiýanyň günorta sebitlerinden ýurduň merkezine däne daşamak üçin subsidiýalary girizmek meýilleşdirilýär diýip, Oksana Lut mälim etdi.
2021-nji ýylyň 15-nji fewralyndan 30-njy iýuny aralygynda bugdaýyň, darynyň, arpanyň we mekgejöweniň Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesinden daşary döwletlere eksporty 17,5 million tonna möçberde umumy kwota bilen çäklendirildi. Gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, 1-nji iýuldan 23-nji sentýabr aralygynda Russiýa 9,9 million tonna gallany, şol sanda 8,4 million tonna bugdaýy eksport etdi. Bu bolsa bir ýyl öňki görkezijilerden degişlilikde 22% we 19,2% pesdir.