Türkmenistanyň hem-de Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň degişli departamentleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde sişenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň işjeňleşdirilmegi, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň has-da giňeldilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, Rumyniýanyň wekiliýetine Ilçi Dan Ýanku ýolbaşçylyk etdi.
Işjeň maslahatlaşmalaryň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ulgamlaryndaky, şol sanda bilim pudagyndaky özara hereketleriň derwaýys meseleleriniň giň toplumyna seredildi.
Şeýle-de taraplar “Hazar deňzi – Gara deňzi” Halkara ulag geçelgeleri babatynda öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berdiler we bu ugurda ýurtlaryň ähmiýetli mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.
Türkmenistan Rumyniýa bilen 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy.