GDA ýurtlarynyň taryhçylarynyň assosiasiýasynyň düzgünnamasy tassyklanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
GDA ýurtlarynyň taryhçylarynyň assosiasiýasynyň düzgünnamasy tassyklanar
Şu ýyl Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna Belarus Respublikasy ýolbaşçylyk edýär, Özbegistan we Gazagystan bolsa kömekçi başlyk wezipesini ýerine ýetirýär.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygy penşenbe güni Minsk şäherinde geçiriler. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekili Mariýa Zaharowanyň resmi brifingde beren beýanyna salgylanyp, Belarusyň “BELTA” agentligi habar berýär.

Zaharowanyň aýtmagyna görä, GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri we GDA formatynda özara gatnaşyklar barada pikir alyşarlar. Ministrler migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we biologiki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça 15-nji oktýabrda Minskde geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA agza döwletleriniň Baştutanlarynyň geňeşinde Arkalaşygyň 30 ýyllygy bilen baglanyşykly garaljak meseleleri ara alyp maslahatlaşar.

Mundan başga-da, ýygnaga gatnaşyjylar GDA agza ýurtlaryň taryhçylarynyň we arhiwçileriniň halkara assosiasiýasynyň düzgünnamasyny tassyklarlar. Düzgünnamanyň esasy wezipeleri GDA-nyň taryhyna obýektiw we bitarap baha bermekden, arhiw resminamalaryna elýeterliligini giňeltmekden, alymlaryň işini utgaşdyrmakdan ybarat bolar diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekili nygtady.

Şeýle hem Zaharowa, Daşary işler ministrleriniň duşuşygynda GDA-nyň çäginde köpderejeli syýasy geňeşmeleriň 2022-nji ýyl üçin Meýilnamasynyň tassyklanjakdygyny aýtdy.

Şu ýyl Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna Belarus Respublikasy ýolbaşçylyk edýär, Özbegistan we Gazagystan bolsa kömekçi başlyk wezipesini ýerine ýetirýär.

2022