Türkmenistanda ekzotiki miwäni ösdürip ýetişdirýän “Ferhar” hojalyk jemgyýeti ilkinji gezek synag görnüşinde papaýany ösdürip başlady.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) penşenbe güni habar berşi ýaly, bu miwe hem edil banan ýaly ýörite uzyn ýyladyşhanalaryň gurulmagyny talap edip, inçe, şahasyz palma meňzeş agaç üç metrden on metre çenli ösmegini dowam etdirýär.
Habarda bellenilişi ýaly, ýyladyşhana hojalygynyň hünärmenleri ekzotiki agajyň diňe döredilen amatly şertlerde kök urman, eýsem ýokary derejede miwe berip başlajakdygyna umyt edýärler.
“Ferhar” hojalyk jemgyýeti banan ösdürip ýetişdirmekde Türkmenistanda ilkinjileriň biridir. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän kompaniýa işine 2017-nji ýylyň noýabr aýynda başlady we bananyň birinji hasylyny 2019-njy ýylyň mart aýynda ýygnady.
Häzirki wagtda ýyladyşhanada 2 müňe golaý düýp banan bolup, olar 4–5 aýda doly bişip ýetişýärler. Her düýpdäki hasyllylyk ortaça 35–40 kilograma ýetýär.
“Ferhar” hojalyk jemgyýeti şu ýyl 70 tonna banan ýygnamagy meýilleşdirýär.